Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Dordoýyň» düzüminde Gyrgyzystanyň çempiony boldy

16:1002.11.2019
0
5627

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Bişkek şäheriniň «Dordoýynyň» düzüminde Gyrgyz Respublikasynyň çempiony boldy.

Şu gün geçirilen 27-nji tapgyryň duşuşygynda «Abdyş-Ata» futbol toparyny 5:0 hasabynda ýeňen «Dordoý» 11-nji çempionlygyny yglan etdi. Türkmenistanly hüjümçi bu duşuşygyň 5-nji minudynda tapawutlanyp, ilkinji goly öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, 27 ýaşly Wahyt Orazsähedow mundan ozal «Dordoý» bilen Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogyna hem mynasyp bolupdy. Ol gyrgyz toparynyň düzümine şu ýylyň başynda goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň