Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

21:4901.11.2019
0
10085

Şu gün – 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan – bagtyýarlygyň Watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler -  diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiri habar berýär.

  Bu çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň merliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Sankt-Peterburgda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.

«Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze eseriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ygrarly dosty bolan itleriň bu tohumynyň häsiýetini hem-de ähmiýetini takyk açyp görkezýändigi aýratyn bellenilip geçildi. «Türkmen alabaýy» kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy görnüşleriň biri bolan itleriň bu tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi hakynda gürrüň etmän, eýsem asyrlaryň çuňlugyndan bäri ahalteke bedewi ýa-da türkmen halysy bilen bir hatarda milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi bolan alabaýyň özboluşly medeni aýratynlygyny hem açyp görkezýändir.  

«Russiýa – meniň taryhym» («Россия – моя история») Taryhy seýligähiniň foýesinde «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly sergi ýaýbaňlandyryldy, onda Türkmenistan hakyndaky kitaplar, türkmen suratkeşleriniň eseleri, milli egin-eşikler, türkmen zergärleriniň elinden sünnälenip çykan zergärçilik şaýlary görkezilendir. Şeýle hem uly ekranlarda häzirki zaman Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri baradaky wideofilmler görkezilýändir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň