Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Büzmeýin etrabynda aýna süýümli armatura taýýarlanylýar

10:0930.10.2019
0
7230

Büzmeýin etrabynda ýerleşýän kärhanada ýerli çig maldan – aýna önümçiliginiň galyndylaryndan innowasion tehnologiýalar ulanylyp aýna süýümli armatura taýýarlaýarlar, ol köp babatda demir armaturalardan has gowudyr ― diýip, «Türkmenistan: «Altyn asyr» elektron gazetinde ýazylýar.

«Kompozitenergo» Hojalyk jemgyýeti şäheriň yşyklandyryş enjamlarynyň we elektrik geçiriji liniýalarynyň kompozitl sütünlerini öndürmegi teklip etdi. Taslama işlerini «Türkmendöwlettaslama» birleşigi ýerine ýetirdi. Kompozit armaturalaryň nusglary Seýsmiki durnukly ylmy-barlag institutynda synaglardan üstünlikli geçdi.

Önüm öndürijileriň aýtmagyna görä, üznüksiz aýna süýüminden alynýan armatura özüne düşýän gymmatynyň arzanlygy, ýeňilligi, has berkligi, himiki täsire we posa durnuklylygy, gyzgyny, togy pes geçirijiligi we uzak wagt ulanylýandygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa olaryň demir görnüşinden artykmaçdygyny görkezýär.

Häzirki wagtda sehiň önümçilik kuwwaty ýylda 170 tonna üznüksiz aýna süýümini çykarmaga mümkinçilik berýär. «Kompozitenergo» Hojalyk jemgyýeti onuň öndürilişini ýylda 500 tonna çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin ony dörediji «Elektroulgamgurluşyk» HJ ýörüte enjamalry we peçleri satyn almaga maýa serişdesini goýberdi.

Geljekde daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden demir armaturalara kybapdaş ýylda 2500 tonna islendik diametrdäki we uzynlykdaky aýna süýümli armatura çykarmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň elektrik energiýasy pudagynyň ösýän talaplaryny doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň