Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde iki basgançak aşak düşdi

16:0924.10.2019
0
4903

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen sanawynda ozalky eýeleýän ornundan iki basgançak aşak düşdi. Sentýabr aýyndaky sanawda milli ýygyndymyz 131-nji orny eýeleýärdi.

Oktýabr aýynda iki duşuşyk geçiren futbol ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşygynda Liwandan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Kuweýtiň ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Täzelenen sanawda Türkmenistanyň ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlarynyň eýeleýän orunlary bilen hem tanyş boluň: Koreýa Respublikasy ― 39-njy, Liwan ― 91-nji, KHDR ― 115-nji, Şri-Lanka bolsa 203-nji orunda.

Sanawyň başyny Belgiýanyň ýygyndysy çekýär. Ilkinji onluga Fransiýanyň, Braziliýanyň, Angliýanyň, Urugwaýyň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň, Argentinanyň we Kolumbiýanyň ýygyndylary girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň