Soňky habarlar

Arhiw

Bektimur Reýimow Phenýanda geçirilýän agyr atletika boýunça yklym ýaryşynda bürünç medal gazandy

13:4924.10.2019
0
6460

Türkmenistanly türgen Bektimur Reýimow KHDR-nyň paýtagty Phenýan şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda silterläp götermek boýunça bürünç medal gazandy.

Paýtagtymyzdaky «Olimp» sport mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy bu üstünlige 67 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda ýetdi. Bu agramda 10 türgen ýaryşdy.

Silterläp götermekde 121 kilogram netije görkezen türkmen agyr atletikaçysy üçünji orny gazandy. Ştangany itekläp götermekde bolsa ol 140 kilogram netije bilen dördünji boldy. Şeýlelikde, biziň ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça hem (261 kilogram) dördünji orna düşdi. Ol üçünji orny eýelän özbegistanly türgen Hojiakbar Olimowdan 12 kilogram az netije görkezdi. Ýaryşyň kümüş medalyna Indoneziýadan Rizki Juniansýah 230, altyn medalyna bolsa hindistanly Jeremi Lalrinnunga 299 kilogram netije bilen mynasyp boldy.

Bektimur Reýimowyň Las-Wegasda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda hem bürünç medal gazanandygyny habar beripdik. Yklym ýaryşynda onuň agram derejesinde ýene bir türgenimiz ― Gaýgysyz Töräýew hem ýaryşyp, 255 kilogramlyk netije bilen bäşinji orny eýeledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň