Soňky habarlar

Arhiw

TDH «ТВ-Новости» guramasy bilen hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama gol çeker

23:5617.10.2019
0
6611

"Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) başlygy RT halkara teleýaýlymy ady bilen has belli «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Buýruga gol çekdi – diýip, TDH ýazýar.

Munuň özi türkmen köpçülikleýin — medianyň okyjylarynyň sanyny artdyrmakda, ony halkara derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädimdir. Şeýle hyzmatdaşlyk iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, şeýle hem täze tehnologiýalary peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) tarapyndan birnäçe ýurtlaryň — Pakistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi. Munuň özi bu döwletlerde hem-de tutuş dünýäde ýurdumyz barada dessin hem-de ygtybarly habarlaryň ýaýradylmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugry boýunça habarlar maglumatlaryny alyşmak we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň ýene-de birnäçesi taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalistika işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, bu ulgamda möhüm düzümleýin özgertmeler geçirilýär, Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna bagyşlanan täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, garaşsyz habarlar agentlikleri we täzelikler saýtlary, internet portallar döredilýär.

Köp sanly ulgamlaýyn, şol sanda pudaklaýyn, beýleki maglumatlar serişdeleri peýdalanyjylara ýurdumyz, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler, Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasy bilen baglanyşykda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada resmi we aň-bilim maglumatlaryny hödürleýärler.

Tutuşlygyna alnanda, TDH bilen RT-niň hyzmatdaşlygy hakyndaky Ähtnama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy goldamaga, sebitde we Ýer şarynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny goldaýan oňyn ynsanperwer syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak üçin has giň we açyk ýaýlymlaryň, meýdançalaryň döredilmegine gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň