Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmen futbolçylarynyň ikisi milli ýygyndymyzyň hatarynda ilkinji gezek meýdana çykdy

23:5415.10.2019
0
10600

Derwezeçi Batyr Babaýew bilen ýarym goragçy Mirza Beknazarow Kuweýt ― Türkmenistan ýoldaşlyk duşuşygynda (1:1) ilkinji gezek milli ýygyndynyň hatarynda çykyş etmek bagtyna eýe boldular.

«Ahalyň» 28 ýaşly derwezeçisi Batyr Babaýew Kuweýtiň garşysyna geçirilen duşuşykda esasy düzümde meýdana çykdy we ol duşuşygyň bütin dowamynda oýnady. «Ahalyň» 19 ýaşly futbolçysy Mirza Beknazarow hem esasy düzümde meýdana çykyp, ikinji ýarymda ornuny Abdy Bäşimowa berdi. Ýeri gelende aýtsak, bu duşuşyk A.Bäşimow üçin hem milli ýygyndydaky ikinji duşuşygydyr. Ol ilkinji gezek Liwanyň garşysyna geçirilen duşuşykda meýdana çykypdy. 

Häzirki düzümden iň köp oýun geçiren futbolçymyz Arslanmyrat Amanowdyr. Ol milli ýygyndynyň hatarynda 44 duşuşyk geçirdi. Ikinji orunda Serdar Annaorazow (36 duşuşyk), üçünji orunda bolsa Şöhrat Söýünow (32 duşuşyk) bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň