Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Kuweýt bilen taryhda dördünji gezek duşuşar

04:1915.10.2019
0
7472

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Duşuşyk El-Kuweýt şäherindäki 18599 orunlyk «Al-Kuweýt» stadionynda geçiriler. Onuň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanmagyna garaşylýar.

Kuweýtiň futbol boýunça milli ýygyndysy döwlete halkara ýaryşlarda wekilçilik edýän topardyr. Milli ýygynda Kuweýtiň Futbol assosiasiýasy gözegçilik edýär. Kuweýtli futbolçylary 1980-nji ýylda Aziýanyň kubogyna hem mynasyp boldular. 1976-njy ýyldaky Aziýa kubogynda bolsa olar finala çenli üstünlikli gelmegi başarypdylar. Kuweýt taryhynda bir gezek ― 1982-nji ýylda Dünýä çempionatyna hem gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýygyndynyň taryhyndaky iň uly ýeňiş 2000-nji ýylda Butanyň garşysyna gazanyldy. Halkara futbol duşuşyklarynyň taryhyndaky iň uly ýeňişleriň biri hökmünde ýatlanylýan bu duşuşyk kuweýtli futbolçylaryň 20:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlanypdy.

FIFA-nyň şu ýylyň sentýabr aýyndaky reýtingine görä, Kuwýetiň ýygyndysy 156-njy, türkmen futbolçylary bolsa 131-nji orny eýelýärler.

Kuwýetiň ýygyndysyna häzir ýerli hünärmen Tamer Enad tälim berýär. Bu ýoldaşlyk duşuşygy bolsa ýygyndynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Romeo Ýozak bilen biziň ýygyndymyzyň tälimçisi Ante Mişeniň arasynda ylalaşylypdy. Tälimçi Kuweýtiň öz meýdanynda Awstraliýadan 0:3 hasabynda ýeňilmeginden soňra wezipesinden boşadylypdy.

«Kuweýt bilen boljak duşuşyk biziň üçin oňat tejribe bolar. Ýöne iň möhüm zat duşuşygyň dostlukly ýagdaýda geçmegidir» diýip, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.

«Bu duşuşyk Kuwýetiň ýygyndysy üçin möhüm. Biz täze futbolçylary gözden geçirmegi meýilleşdirýäris. Topar oýna ünsüni güýçlendirip, ýeňiş gazanmaga çalşar» diýip, öz gezeginde Tamer Enad hem duşuşygy teswirledi.

Kuweýtiň baş tälimçisi Türkmenistan bilen boljak duşuşyk üçin milli ýygynda 22 futbolçyny çagyrdy. Olaryň 20-si ýerli çempionatda, galan ikisi hem daşary ýurtlarda çykyş edýär.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň ýygyndylary taryhda üç gezek duşuşdylar. Aziýa kubogy ― 1996-nyň saýlama tapgyrynda biziň watandaşlarymyz myhmançylykda 0:2 hasabynda ýeňlip, Aşgabatda geçirilen jogap duşuşygynda deňme-deň (2:2) oýnadylar. 2000-nji ýylyň 10-njy fewralynda Aziýa kubogy ― 2000-iň saýlama tapgyrynda ildeşlerimiz kuweýtli futbolçylardan 1:6 hasabynda asgyn geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň