Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

21:5514.10.2019
0
838

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi neşirinde ýazylýar.

Duşyşygyň barşynda taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Ýokary derejelerdäki duşuşyklary işjeňleşdirmek hakynda aýdyp, diplomatlar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny guramagyň örän wajypdygyny hem belläp geçdiler. Mundan başga-da, diplomatlar gün tertipde duran oba hojalyk, ulag, logistika, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, sungat, şeýle-de sport we syýahatçylyk ýaly ugurlary babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda her ýurt ägirt uly kuwwatyny dolulygyna amala aşyrmaga giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi baradaky tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ylalaşyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeni kabul etdi.  Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň göwrümli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky wajyp meseleler dogrusynda pikir alyşdylar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň