Dünýä çempionaty ― 2022-niň düýn geçirilen saýlama duşuşyklarynyň netijelerine ser salsaňyz, siz hem uly hasaply ýeňişleriň bolandygyny görersiňiz. Aslynda, Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça ikinji saýlama tapgyrynda jemi 160 gol geçirilen bolsa, şolaryň 74-si (ýaryna golaýy) diňe düýnki duşuşyklara degişlidir. Eger ýörite hasaplanyp görülse, bu tapgyr saýlama duşuşyklaryň tapgyrlarynyň rekordyny täzeläp ýa-da rekorda ýakynlaşyp biler.
Düýnki duşuşyklaryň birinde 10 ýa-da ondan hem köp, sekzisinde 5 ýa-da ondan köp gol geçirildi. Günüň iň uly hasaby Eýran ― Kambojiýa duşuşygyna degişlidir. Goňşularymyz garşydaşlaryny 14:0 hasabynda ýeňip, taryhyndaky iň uly ýeňişleriň birini gazandylar.
Ikinji orunda topardaşlarymyzyň duşuşygy bar. Has takygy, düýn Koreýa Respublikasy Şri-Lankadan 8:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýle hem Hytaý ― Guam, Gyrgyzystan ― Mýanma duşuşyklary 7:0, Ýaponiýa ― Mongoliýa duşuşygy 6:0 hasabynda tamamlandy.