Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenportal" saýtynda wideo bölüm açyldy

10:1909.10.2019
0
20066

Hormatly okyjylar, siziň talaplaryňyzy aňryýany bilen ödemek üçin, "Türkmenportal" saýty kämilleşmegini dowam etdirýär. Muňa mysal edip, saýtda "Media" atly täze bölümiň açylandygyny size guwanç bilen habar berýäris.

Täze bölümimiz size dürli weodeşekilleri hödürleýär. Bölümi tapmak örän aňsat, siz saýtyň esasy menýusyna girip, bölümiň üstüne ýekeje gezek bassaňyz, saýtyň redaksiýasy tarapyndan hödürlenilýän wideoşekillere girip bilersiňiz. Olar "Fotoreportaž" diýen at bilen bilen ýetirilen bölüm indi "Media" diýen at bilen okyjylara hödürlenilýär. Saýtyň bu sahypasynda siz gyzykly fotoreportažlar bilen tanşyp, wideoşekillerimize tomaşa edip bilersiňiz. Wideogörnüşleriň arasynda ýörite söhbetdeşliklere we wajyp wakalara hem orun berler.

Biziň wideoşekillerimize internete birikýän islendik mobil enjamyndan, smartfonlardyr planşetlerden tomaşa etmek mümkindir. Siz wideogörnüşlere öz internet tizligiňize görä tomaşa edip bilersiňiz. Olar HD hil görnüşinde hem, kiçeldilen görnüşde (240p ýa-da 360p) hem elýeterli edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň