Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

23:5302.10.2019
0
14530

2-nji oktýabr Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalar bilen tanyşdy. Ilki bilen bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň görkezen taslamalary, şol sanda Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýan taslamalary hem-de paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Soňra milli Liderimiz şäheriň şu ýerinde gurulýan “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň binasyndaky işler bilen tanyşdy. Desgany bina edýän “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili degişli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem bu ýerde “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy gurulýar. Hormatly Prezidentimiz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň hem-de desganyň bellenen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna “Bouygues” kompaniýasynyň wekiliniň ünsüni çekdi. Şunda milli binagärligiň ileri tutulmalydygy, yşyklandyryş işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigi tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Bu ýerde hem “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyzy taslama çyzgylary bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem bezeg serişdeleriniň gurluşyk aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanyşylgyndan soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Hormatly Prezidentimiz desgany gözden geçirip, potratça iň ýokary gurluşyk ülňülerini üpjün etmek hem-de ähli işleriň hilini, şu we toplumyň beýleki binalarynyň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny, täze gurluşyklarda ulanylýan reňkleriň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Bäş gatdan ybarat bolup, 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýan bu uly göwrümli bina 93,7 müň inedördül metr ýerde ýerleşýär. Desganyň beýikligi 38,65 metre, ini bolsa 190 metre deňdir.

Maslahatlar merkeziniň toplumynyň hemme üç desgasy umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy emele getirýär. Soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejesindäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini nazara almak bilen, bu ýerde gurulýan desgalar ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz gurluşygy alnyp barylýan täze «Arkadag» kaşaň myhmanhanasynyň ýanyna geldi. Bu bina ähli ölçegleri – gurluşygyň hilinden başlap, üpjünçiligine we bezelişine çenli ýokary halkara ölçeglerine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza myhmanhananyň otaglarynyň içki bezegleri we onuň enjamlaşdyrylyşy, myhmanlaryň amatlylygy üçin döredilen şertler barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän enjamlaşdyrylan görkezme otaglary görkezildi. Bu ýerde 3D ulgamy arkaly myhmanhananyň içki we daşky bezeg aýratynlyklary, onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan binalarda bolşy ýaly, bu toplumyň gurluşygynda işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen iň oňat milli ýörelgeleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň myhmanhananyň gurluşygyna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny belledi. Kaşaň myhmanhananyň binasy ýarym aýlaw şekilli bolup, onuň bu şekili Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda, 22,9 gektar meýdanda ýerleşer. Onuň düzümine otel, Işewürlik merkezi we Apart oteli girýär. Binalar bezelende milli türkmen nagyşlary we beýleki bezeg serişdeleri ulanylar. Şeýle-de myhmanhananyň meýdançasynda gidropark bilen birleşýän uzynlygy 725 metr bolan derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe ýerleşdiriler. Şunuň bilen birlikde, taslama uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalar bilen tanyşlygyny täze Hökümet münberiniň ýanynda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny gözden geçirip, hususan-da, ony bezemek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi. Bu desganyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr. Onuň töwereginde 47 müň 324 inedördül metr meýdan abadanlaşdyrylar. Gündogarda köşk gurmak usulynda gurulýan bina Prezident münberini hem-de 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi özünde jemleýär. Desganyň öň ýüzündäki böleginiň beýikligi 30 metre deňdir, mundan başga-da, onuň iň ýokarky gatynyň beýikligi 2,55 metre barabardyr. Münberiň ini 160 metrdir, şeýle hem bu ýerde dikuçar meýdançasy göz öňünde tutulypdyr.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekiline döwlet münberini

bezemek babatda görkezmeleri berdi. Münberiň ýanynda giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler. Mundan başga-da, bu ýerde myhmanlar üçin hem iň oňaýly şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň