1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Minstrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda guramaçylyk meselelerine-de seredildi. Şeýle-de, Türkmenistanyp Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama görä, M.Annanepesow işde goýberen düýpli kemçilikleri, garamagyndaky kärhanalarda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadyp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşadyldy.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (01.10.2019) habar berildi.