Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär

17:1501.10.2019
0
3017

30-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Baş Sekretary sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň tagallalaryny kanagatlanarly belläp geçdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň global gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň