Türkmenistanyň Mejlisi "Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda" Karary kabul etdi. Kararda şeýle diýilýär:
"Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň täze taryhy, durmuş-ykdysady ösüşlerde gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz zamanamyzyň beýik şahsyýeti, görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň wepaly Ogly hem bütin dünýäde giňden ykrar edilen milli Lider, ata Watanymyzyň täze taryhyna öçmejek röwşen sahypalary ýazan külli türkmeniň Arkadagy hökmünde halkymyzyň çuňňur söýgüsine hem-de hormatyna mynasyp boldy. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary bilen ýurdumyz öz ösüşinde täze belentliklere çykyp, rowaçlygyň Watanyna öwrüldi.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň döwlet Baştutanynyň wezipesinde çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary milletler bileleşiginde giňden goldaw tapýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we hemişelik bitaraplygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgesini esaslandyryp, döwletliligiň synmaz sütünini berkarar etmekde, ýurdumyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün eden oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, milli däp-dessurlary täzeden dikeltmekde we ösdürmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň ruhunda terbiýelemekde bitiren ägirt uly işleri üçin hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän döredijilikli, halal we päk ýürekli zähmetini hem-de nusgalyk işlerini, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzdan, jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan köp sanly haýyşlary we teklipleri nazara alyp, seýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 9-njy bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly".