Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky «MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmaga girişdi

00:4525.09.2019
0
30342

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär: bu ýerde «MasterCard»  halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi banky ösdürmek, onuň maliýe durnuklylygyny hem-de ýurduň we daşary ýurtlaryň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak  strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. 

Türkmenistanyň banklary tarapyndan «MasterCard» plastik kartlar arkaly  amallar eýýäm köpden bäri geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda işe giriziljek ulgamyň  aýratynlygy onuň kömegi bilen Türkmenistanda ilkinji gezek gatnaşyksyz tölegiň tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygyndan ybaratdyr. 

Şeýle kartlaryň artykmaçlygy olary ulanmagyň amatlylygy, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi we howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň eýeleri bir basyş arkaly PIN–kody girizmezden, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda harytlar we hyzmatlar üçin dessine tölegleri amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gatnaşyksyz tehnologiýalary kabul etmäge ukyply ýörite töleg terminallary zerur bolup durýar. Ulanyjylaryň girdejileri we maksatlary  bilen baglylykda, olaryň her biri üçin «MasterCardyň» öz görnüşi işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, «MasterCard Maestro» — bu manat plastik kartydyr. Bu karta onuň eýesiniň zähmet hakyny milli pulda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu kart 50 manat möçberindäki çägi bellemek arkaly gatnaşyksyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň