TÝL ― 2019:, 18-nji tapgyr: «Altyn asyr» «Şagadamy» ýeňdi, «Energetigi» uly hasap bilen ýeňen «Ahal» ikinji orna geçdi

23:3215.09.2019
0
5946

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň duşuşyklaryny geçiren “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Marynyň “Energetigini” kabul eden “Ahal” 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 34 jutugy bilen ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçmegi başardy.

Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda “Şagadamy” kabul eden paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” hem ýeňiş gazanmagy başardy. Öz mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan paýtagtymyzyň topary 2:0 hasabynda üstünligini baýram etdi.

Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 38-e ýetiren “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bolsa 32 utugy bilen üçünji basgançaga geçmeli boldy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji hem-de 22-nji sentýabrda geçiriler.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Ahal” – “Energetik” – 4:0

Gollar: 20, 64 Guwanç Abylow, 29 Elman Tagaýew, 44 Didar Durdyýew (“Ahal”)

 

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: 29 Mihail Titow, 44 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”)

Ýaryş tertibi:

1. Altyn asyr 17/38

2. Ahal 18/34

3. Şagadam 18/32

4. Köpetdag 18/26

5. Energetik 17/22

6. Nebitçi 18/17

7. Aşgabat 18/17

8. Merw 18/8.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň