Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Paulu Bentu: «Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezesine birden artyk pökgi geçirmäge synanyşarys»

20:2609.09.2019
1
5441

Şu gün Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda 10-njy sentýbarda «Köpetdag» stadionynda geçiriljek Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Onda dünýä çempionatyna 10 gezek gatnaşan koreý ýygyndysynyň 50 ýaşly portugaliýaly baş tälimçisi Paulu Bentu žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Sowal-jogaplara geçmänkäk, tälimçi barada käbir maglumatlara ýüzlenmegi zerurlyk hasaplaýarys. Bu maglumatlar türkmen futbolçylarynyň niçik tejribeli toparyň we baş tälimçiniň garşysyna oýnajakdygyny görkezýär.

Ozalky ýarym goragçy, Portugaliýanyň Kubogynyň üç gezek (1990, 1996 we 2002), Naýbaşy kubogynyň bolsa 2002-nji ýyldaky eýesi bolan paulu Bentu milli ýygyndy bilen 35 duşuşyk geçirdi. Şeýle hem ol futbolçy hökmünde 2000-nji ýyldaky Ýewropa, 2002-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşdy.

Baş tälimçi hökmünde ol Lissabonyň «Sportingi» bilen bassyr iki ýyl (2007, 2008) Portugaliýanyň kubogyna we Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Soňra onuň ýolbaşçylygyndaky Portugaliýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionaty ― 2012-de ýarym finala çenli baryp ýetdi. Tälimçi 2017-nji ýylda bolsa «Olimpiakos» bilen Gresiýanyň çempiony boldy. Soňra portugaliýaly hünärmen birnäçe aýlap Braziliýanyň «Kruzeýro», Hytaýyň «Çunsin Lifan» toparlaryna hem tälim berdi. Geçen ýyl Russiýa Federasiýasynda geçirilen Dünýä çempionatyndan soňra bolsa ol Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysyna tälim berýär.

― Jenap Bentu, Koreýanyň «Yonhap News» habarlar agentligi Türkmenistan bilen boljak duşuşygyň sizde kynçylyk döretmejekdigini ýazdy. Siz bu barada nähili pikirde?

― Men dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda ýeňil duşuşyk ýok diýen pikirde. Bizde ýol ýadawlygy bar, ikinjiden bolsa Koreýa bilen Türkmenistan aýry-aýry sagat guşaklyklarynda ýerleşýär. Bu tapawudyň duşuşyga uly täsirini ýetirýändigini men Ýewropada hem görüpdim. Şeýle-de bolsa, duşuşykda iň ýokary derejede çykyş etmegi üçin biz oýunçylarymyza ähli mümkinçilikleri döretdik. Bizde duşuşygyň dowamynda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne öz güýjümize ynanyp meýdana çyksak, gowy netije hem alyp bileris.

Metbugat näme ýazsa-da, men hiç haçan hiç bir duşuşygyň öz toparym üçin ýeňil boljakdygy hakynda pikir eden adam däl. Elbetde, ertir hem bize çylşyrymly oýun garaşýar. Birinji duşuşykdan soňra Türkmenistanda eýýäm üç utuk bar. Biz bolsa ertir ilkinji duşuşygymyza çykarys.

― Ertirki duşuşykda näçe pökgi geçirmegi maksat edinýärsiňiz? Elbetde, ýygyndylaryň derejesi biri-birinden tapawutly.

― Birden artyk pökgi geçirmäge synanyşarys.

― Aslynda, toparlar duşuşygyň geçiriljek ýerine iki gün galanda gelýär. Siz bolsa Türkmenistana duşuşykdan bir gün öňinçesi geldiňiz. Sebäbini düşündirip bilersiňizmi?

― Bu meniň islegim boýunça şeýdildi.

― Näme üçin Türkmenistan bilen boljak duşuşygyň taýýarlygynyň çäginde Gruziýa bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiňiz?

― Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda güýçli garşydaş tapaýmak aňsat däl. Biziň türgenleşiklerimiz üçin Türkiýe iň amatly ýerdi, Türkmenistana ýakyn guşaklykda bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek bolsa oýunçylarymyzyň umumy ýagdaýyna baha bermekde peýdaly boljakdy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda wagt boýunça uly tapawut bar. Şonuň üçin biz türgenleşik we taýýarlyk üçin Stambuly saýlap aldyk. Aşgabada bolsa, siziň hem aýdyşyňyz ýaly, duşuşyga bir gün galanda geldik. Agşam bolsa türgenleşige çykarys. Futbolçylarymyz duşuşyga taýýar, özümiz üçin iň gowy netijäni almaga synanyşarys. Futboldaky iň gowy netije bolsa, elbetde, ýeňişdir. Biz şonuň üçin hem geldik.

― Birinji duşuşyk örän möhüm. Duşuşykdan ozal öz garaşýan zatlaryňyz barada aýdyp bilersiňizmi?

― Islendik ýaryşda hem ähmiýetsiz duşuşyk ýok. Men ertirki duşuşyk üçin aýratyn bir taktika barada heniz pikirlenmedim, ýöne, esasan, hemişeki oýnumyzy üýtgetmezlige çalşarys. Oýun usulymyz boýunça bolsa men has köp maglumaty paýlaşmakdan saklanýaryn.

― Siziň üçin toparçadaky iň esasy garşydaş niräniň ýygyndysy?

― Türkmenistan ― biziň ertirki garşydaşymyz. Biz diňe Türkmenistan bilen boljak duşuşyk barada pikir etdik. Entek beýleki garşydaşlarymyz barada pikirlenemzok. Häzirki maksadymyz şu duşuşykda üstünlik gazanmak, beýleki garşydaşlarymyz barada soňra oýlanarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň