Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşar

22:3406.09.2019
0
1140

17-nji sentýabrda Bütindünýä forumynyň Gün tertibine syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň ençemesi giriziler. “Watan” habarlar gepleşiginiň (06.09.2019) habar bermegine görä, nobatdaky mejlisde Bitarap Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynyň 2017 – 2022-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, işlenip taýýarlanan başlangyçlar bilen çykyş eder. Howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak bu babatda örän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da, forumda Türkmenistan tarapyndan geljek ýylyň dekabrynda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş boýunça halkara maslahatyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder. Başga-da birnäçe teklipler öňe sürlüp, olar ýurduň halkara başlangyçlaryna laýyklykda işlenip düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň