Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Şri-Lankanyň ýygyndy toparynyň garşysyna ýaşyl köýnekçede çykyş eder

23:1104.09.2019
0
6951

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Şri-Lankanyň ýygyndy toparynyň garşysyna ýaşyl köýnekçede çykyş eder ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Şu gün, Dünýä çempionaty-2022-niň ikinji saýlama tapgyrynyň birinji tapgyrynyň öňüsyrasy "H" toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite ýygnak geçirildi.

Onuň dowamynda milli ýygyndylaryň resmi wekillerinden başga duşuşygyň komissary, eminleriň gözegçisi, duşuşygy guraýjylardyr resmi wekiller ertirki oýnuň guramaçylygy bilen bagly maslahat geçirdiler.
Mundan başga, ýygnagyň dowamynda ýygyndylaryň çykyş etjek köýnekçeleri mälim edildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda ýaşyl köýnekçede çykyş eder. Ýer eýeleri, Şri-Lankanyň ýygyndy topary bolsa sary köýnekçe geýer.
Ýygnagyň yzysüresi Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileriniň gatnaşmagynda oýundan öňki metbugat ýygnagy geçirildi. Metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe bilen ýygyndy toparymyzyň ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow köpsanly žurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyryny myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirjek duşuşygy bilen başlar. Bu duşuşyk 5-nji sentýabrda “Reýskors” stadionynda geçiriler. Saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygy Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň