13-nji dekabrda Dubaý şäherindäki «Al-Maktum» stadionynda «Şabab Al-Ahli» we «Al-Wasl» toparlarynyň arasynda BAE-niň Superkubogy üçin oýun geçirildi. Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, ýeňiji penaltiler seriýasynda kesgitlenildi.
Eýranly türkmen asylly Serdar Azmun esasy düzümde oýna çykdy. Ol oýunda tapawutlanmadyk hem bolsa, 11 metrlik urgularyň ilkinjisini dürs ýerine ýetirdi. Penaltiler seriýasy 4:1 hasabynda «Şabab Al-Ahliniň» peýdasyna tamamlandy.
Şeýlelikde, 29 ýaşly hüjümçi «Şabab Al-Ahliniň» düzümindäki ilkinji kubogyny gazandy. Häzirki wagtda onuň topary BAE-niň premýer-ligasynda ikinji ýerde barýar.
Serdar Azmun şu möwsümde 6 gol urup, 1 gezek golly pas berdi.