Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022, saýlama tapgyr: Şri-Lanka bilen Türkmenistan taryhda bäşinji gezek duşuşar

18:1904.09.2019
0
8399

Ertir Kolombo şäheriniň «Reýskors» stadionynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriljek duşuşyk Şri-Lanka bilen Türkmenistanyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky bäşinji duşuşyk bolar. Bu duşuşyk bilen ýygyndylaryň ikisi hem saýlama tapgyra girişerler.

Iki ýygyndy mundan ozal hem yklym we dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynda duşuşdylar. Taryhdaky ilkinji duşuşyk 9-njy noýabrynda geçirildi. Şol duşuşykda türkmen futbolçylary garşydaşlaryny 1:0 hasabynda ýeňdiler. Şondan dört gün soňra geçirilen duşuşykda hem türkmen futbolçylary ýeňiş gazandy. Ýöne bu gezekki tapawut uly boldy: 3:0.

Bu duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçirildi. Şol ýyllarda milli ýygyndymyz Rahym Gurbanmämmedow tälim berýärdi. Duşuşyklar 2004-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirildi. Bu yklym ýaryşyna türkmen futbolçylarynyň taryhda ilkinji gezek gatnaşmaga hukuk gazanandygyny guwanç bilen ýatlatmak isleýäris.

Iki milli ýygyndynyň özara duşuşyklarynyň üçünjisi 2004-nji ýylyň 18-nji fewralynda geçirildi. Bu duşuşykda biziň ildeşlerimiz Şri-Lankanyň derwezesine jogapsyz pökgüleriň 2-sini geçirdiler. Şol ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen ahyrky duşuşyk bolsa 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Bize bu duşuşyklar barada has takyk maglumatlary tapmak hem başartdy. 2006-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen bu duşuşyklaryň ilkinjisi Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçirilipdir. Duşuşykdaky ilkinji pökgini 40-njy minutda Guwançmuhammet Öwekow, ikinji pökgini bolsa 56-njy minutda Nazar Baýramow geçirdi.

Ikinji duşuşyk Kolombo şäherindäki «Sugatadasa» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň 20-nji minutynda biziň ildeşlerimiz Döwlet Baýramowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsalar, ýer eýeleri 47-nji we 57-nji minutlarda hasapda öňe çykdylar. Ýöne 70-nji minutda Artýom Nazarowyň geçiren pökgüsi ildeşlerimize deňligi getirdi.

Şeýlelikde, türkmen futbolçylary henize çenli Şri-Lankanyň derwezesine 8 pökgi geçirip, öz derwezesinde bolsa bary-ýogy 2 pökgi gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň