Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky mekdep bilen Astrahandaky täze türkmen mekdebiniň arasynda teleköpri geçirildi

22:2102.09.2019
0
20352

Täze okuw ýylynyň birinji güni Aşgabatda ýerleşen A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep bilen teleköpri guraldy ― diýip, TDH habar berýär.

«Aşgabat — Astrahan» teleköprüsi bu mekdep bilen iki sany dürli, emma şol bir wagtda deňeçer medeniýetleri özünde jemleýän türkmen-russiýa mekdebini birleşdirdi, bu mekdepde türkmen we rus dilleri ýaňlanýar.

Şu gün ýurdumyzda ýaşajyk türkmenistanlylaryň on müňlerçesi täze mekdeplere gadam basdylar, olaryň her biriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat alandyklaryny türkmen paýtagtyndaky alypbaryjylar habar berdiler. Şu gezekki teleköpri iki döwletiň bilim ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýändiklerini ýene bir gezek tassyklady. Russiýa Federasiýasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky we Türkmenistandaky A.S.Puşkin adyndaky iki mekdebiň dostlukly gatnaşyklary bu mekdepleriň okuwçylaryna biziň halklarymyzyň medeniýeti, däp-dessurlary barada has köp maglumatlary almaga mümkinçilik berer.

Funtowo obasyndan alypbaryjy, öz gezeginde, jogap hökmünde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylýandygyny belledi.

Bilim ulgamy häzirki wagtda Russiýa üçin hem, Türkmenistan üçin hem biziň döwletlerimiziň geljegini kesgitleýän möhüm ugur bolup durýar. Muňa Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgady bolan türkmen dilini hem öwredýän täze mekdebiň döredilmegi aýdyň mysal bolup durýar. Bu waka ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda uly ähmiýetli çäredir.

Teleköpriniň barşynda Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň birinji orunbasary Pawel Zenkowiç hem-de Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Igor Babuşkin gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Soňra aşgabatly tomaşaçylar Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan Russiýadan alnyp görkezilýän dabaraly çärä tomaşa etdiler. Bu baýramçylyk çagalary, ene-atalary, mugallymlary döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekillerini birleşdirdi.

Teleköpriniň beýleki tarapyndaky — Astrahanyň Funtowo obasyndaky tomaşaçylar, öz nobatynda, A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebindäki Aşgabatdan alnyp görkezilýän «Ilkinji jaň» dabarasyna tomaşa etdiler. Iki mekdebiň ýolbaşçylary birek-biregi baýramçylyk bilen gutlap, okuwçylara täze okuw ýylynda üstünlikler arzuw etdiler.

Soňra okuwçylar çykyş etdiler. Astrahandaky obanyň çagalary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar hem-de aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, olaryň aşgabatly ýaşdaşlary bolsa beýik rus nusgawy şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň goşgularyny aýtdylar we mekdebiň «Kalinka» topary «Bilezik» tansyny ýerine ýetirdi.

Mundan başga-da, olar «Barynýa» atly rus halk tansyny ýerine ýetirdiler we A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiň birleşdirilen horunyň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistanym — bagy bossanym» aýdymy bilen çykyş etdiler.

Şeýlelikde, häzirki zaman tehnologiýalary arkaly hakyky wagt tertibinde Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň we Aşgabadyň mekdep okuwçylary müňlerçe kilometr aradaşlykdan biri-birleri bilen tanyşdylar, mekdep durmuşynyň möhüm wakalary barada täsirlerini paýlaşdylar, özara hoşniýetli arzuwlary aýtdylar.

Teleköprini alypbaryjylaryň belleýişleri ýaly, Bilimler gününe bagyşlanyp, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda guralan teleköpri ýokary derejede geçirilip, doganlaşan iki mekdebiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň başlangyjyny goýdy. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen-russiýa ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypany ýazdy, bu gatnaşyklara täze okgunly ösüş we strategik häsiýet berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň