Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda duşuşýan Şri-Lanka bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny Saud Arabystanyly eminler topary eminlik ederler - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşygyň baş emini FIFA-nyň emini Mohamed Al Hoiş bolar. Oňa ildeşleri FIFA-nyň kömekçi eminleri Alumri Fahad Awaýdh bilen Heşam Alrefai kömekleşerler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini FIFA-nyň emini Şukri Hasan Alhunfuş ýerine ýetirer.
Eminleriň gözegçisi siriýaly Mohamad Basel Alhajar, komissary hindistanly Suwrat Sureş Tatte bolar.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymynyň saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda çykyş edýän Şri-Lankanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 5-nji sentýabrda Kolombo şäheriniň “Colombo Racecourse Sports Complex” stadionynda geçiriler.