Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nguýen Wan Kuýet: «Hanoýyň» öňe ilerlemegine goşup bilen goşandym üçin özümi bagtly hasaplaýaryn»

20:5328.08.2019
0
6881

Öňňin AFK-nyň Interzolagynyň ýarym finalynynyň çäginde Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda «Altyn asyr» bilen «Hanoýyň» arasynda geçirilen duşuşykda myhman toparyň pökgüleriniň ikisini Nguýen Wan Kuýet geçirdi. Wýetnamyň milli ýygyndysyna 49 gezek çagyrylyp, şol duşuşyklarda 13 gezek tapawutlanmagy başaran 28 ýaşly hüjümçi Türkmenistanyň çempiony bilen geçirilen duşuşykdan soň öz pikirlerini beýan etdi. Ýeri gelende aýtsak, Nguýen Wan Kuýet AFK-nyň kubogy ― 2019-da geçiren pökgüleriniň umumy sanyny 5-e çykardy.

– Siz özüňiziň duşuşygyň «Iň gowy futbolçysy» diýip yglan edilmegiňize nähili seredýärsiňiz?

– Esasy zat ― ýeňiş. Futbol ― toparlaýyn oýun. Biz gowy oýnadyk we onuň netijesini aldyk. Meniň üçin esasy zat duşuşygyň iň gowy futbolçysy bolmagym däl-de, «Hanoýyň» bu ýoly üstünlik bilen dowam edip bilmegidir.

– Bu duşuşykda iki gezek tapawutlanmak saňa nähili başartdy?

– Gaýtalaýan: futbol ― toparlaýyn oýun. Dogry, iki gezek tapawutlanmak ýakymly duýgy. Ýöne bu esasy zat däl. Esasy zat: toparyň has öňe gitmegi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň