Mingazow bilen Ataýew sentýabrdaky duşuşyklarda Türkmenistanyň ýygyndysyna kömek berip bilmez

13:5627.08.2019
0
12368

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de degişlilikde Gazagystanyň «Irtyşynyň» we Malaýziýanyň «Sabahynyň» ýarym goragçylary Ruslan Mingazow bilen Ahmet Ataýew Dünýä çempionaty ― 2022-niň sentýabr aýyndaky saýlama duşuşyklarynda milli ýygyndymyza kömek berip bilmez.

«Türkmenportala» mälim bolşy ýaly, Şri-Lankanyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary bilen boljak duşuşyklary bu oýunçylaryň ikisi hem şikes sebäpli goýbermeli bolar. 25-nji awgustda geçirilen «Irtyş» ― «Aktobe» duşuşygynda şikes alan Ruslan Mingazow bir aý ýaşyl meýdana dolanyp bilmez. Onuň ornunyna Kambojanyň «Nagaworldyndan» Amir Gurbany milli ýygynda çagyryldy.

Ahmet Ataýewiň bolsa ýakyn günlerde operasiýa bolmagyna garaşylýar. Şol sebäpli ol azyndan ýarym ýyl futbol oýnap bilmez.

Daşkendiň «Lokomotiwinde» oýnaýan ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow Aşgabada 28-nji awgustda geler we ol 30-njy awgustda milli ýygyndy bilen Dubaýa uçar. Şol gün topara Amir Gurbany bilen Artur Geworkýanyň hem goşulmagyna garaşylýar. Wahyt Orazsähedow bolsa ýygyndy toparyň hataryna 31-nji awgustda goşular.

Dubaýdaky türgenleşikler 3-nji sentýabra çenli dowam eder. Şol gün milli ýygyndymyz Şri-Lanka döwletiniň Kolombo şäherine barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň