Ýakynda paýtagtymyzdaky «Hezzet» medeni dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle- de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda ýaş aşpezleriň arasynda bäsleşik geçirildi. «Ezber elli aşpez» ady bilen guralan bäsleşige ýurdumyzyň öňdebaryjy hususy kärhanalaryndan, hojalyk jemgyýetlerinden ýaş gelin-gyzlaryň birnäçesi gatnaşdy.
Bäsleşigiň adyndan hem mälim bolşy ýaly, telekeçi gelin-gyzlar işdäaçar taýýarlamakda öz ezberligini görkezmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertine
laýyklykda, oňa gatnaşyjy bäsdeşler 30 minutyň dowamynda ter gök önümlerden dürli işdäaçarlary taýynladylar. Biri-birinden tagamly işdäaçarlara baha bermek emin agzalaryna ýeňil düşmedi.
Çekeleşikli, gyzgalaňly pursatlara baý bolan bäsleşigiň ahyrynda eminler tarapyndan birinji orna «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň mikrobiology Göwher Öwezmyradowa, ikinji orna «Abraýly önüm» hususy kärhanasynyň hünärmeni Amandursun Öwlýägulyýewa, baýrakly üçünji orna «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynyň hünärmeni Annakeýik Baýramowa mynasyp bolmagy başardylar.
Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.