Arhiw

Ante Mişe Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklary üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyny kesgitledi

16:3723.08.2019
0
18193

Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Şri-Lanka hem-de Koreýa Resbublikasynyň ýygyndylary bilen duşuşýan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 23 oýunçydan ybarat bolan sanawy belli boldy.

Bu barada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe resmi mälim etdi.

Saýlama tapgyryna gatnaşýan ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň 8-si paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparynda çykyş edýärler. Oýunçylaryň 7-si ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahala” wekilçilik edýärler. “Köpetdagda” iki, “Aşgabat” bilen “Şagadam” toparlaryndan bir oýunçydan ýygyndy toparymyzyň düzümine düşüpdir. 23 oýunçynyň 3-si daşary döwletlerde çykyş edýärler. Bir oýunçy häzirlikçe hiç ýerde çykyş etmeýär.

Ýeri gelende bellesek, milli ýygyndymyz 5-nji sentýabrda myhmançylykda Şri-Lanka, 10-njy sentýabrda bolsa öz meýdançasynda Koreýa Respublikasynyň ýygyndy topary bilen duşuşar. Bu ýygyndylardan başga saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda Liwanyň hem-de Demirgazyk Koreýanyň milli ýygyndylarynyň çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

 

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň SANAWY:

Derwezeçiler

Orazmuhammedow Mämmet, “Altyn Asyr”

Babaýew Batyr, “Ahal”

Japarow Rahat, “Köpetdag

Goragçylar

Saparow Mekan, “Altyn Asyr”

Batyrow Gurbangeldi, “Altyn Asyr”

Babajanow Zafar, “Altyn Asyr”

Annagulyýew Güýçmyrat, “Aşgabat”

Söýünow Şöhrat, “Ahal”

Bäşimow Abdy, “Ahal”

Annaorazow Serdar, “Ahal”

Ýarym goragçylar

Hojaýew Resul, “Altyn Asyr”

Geldiýew Serdar, “Altyn Asyr”

Ylýasow Wezirgeldi, “Ahal”

Gurbanow Merdan, “Ahal”

Magtymow Yhlas, “Şagadam”

Seýitmuhammedow Döwletmyrat, “Köpetdag”

Amanow Arslanmyrat, “Lokomotiw” (Özbegistan)

Mingazow Ruslan, “Irtyş” (Gazagystan)

Geworkýan Artur, Häzirki wagtda hiç toparda çykyş etmeýär

Hüjümçiler

Annadurdyýew Altymyrat, “Altyn Asyr"

Ýakşiýew Murat, “Altyn Asyr”

Orazsähedow Wahyt, “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

Durdyýew Didar, “Ahal”

Tälimçiler düzümi

Ante Mişe, Baş tälimçi

Sandro Tomiç, Tälimçi

Belyh Maksim, Tälimçi

Garaýew Begenç, Tälimçi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň