Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň daşary işler ministri «Merkezi Aziýa +ABŞ» duşuşygyna gatnaşdy

21:2921.08.2019
0
4863
Türkmenistanyň daşary işler ministri «Merkezi Aziýa +ABŞ» duşuşygyna gatnaşdy

21-nji awgustda Nur-Soltan şäherinde «C5+1» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly ulgamlarda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň arasyndaky

özarahereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup durýandyr. Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl gatnaşýarlar ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň gün tertibinde – sebitde ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy, Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy, Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly sebit üçin derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy we seredilmegi bardyr. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem «C5+1» formatyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň maksadalaýyklygyny aýratyn belläp geçdiler we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini, durnuklylygyny we asudalygyny üpjün etmek we ony hemmetaraplaýyn ýola goýmak üçin mümkinçilikleriň ählisine seredip geçdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Gazagystanyň Prezidenti Hazaryň türkmen kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejesini belläp geçdi. Şunlukda bu Forumyň hazar sebitinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen duşuşyk geçirdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň