Soňky habarlar

Archive news

Awazada birinji Hazar ykdysady forumy öz işine başlady

09:1612.08.2019
0
1573
Awazada birinji Hazar ykdysady forumy öz işine başlady

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisi öz işine başlady. Mejlis Awazadaky Kongressler merkezinde geçirilýär.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hazarýaka döwletleriniň Premýer-ministrleri gatnaşýarlar. Şeýle hem Bolgariýa bilen Özbegistanyň Premýer-ministrleri bu forumyň hormatly myhmanlary hökmünde gatnaşýarlar.

Mejlis Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy bilen başlandy. Umumy mejlis tamamlanansoň, ministrler derejesindäki duşuşyklar geçiriler. Günüň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça ylalaşyklary hem gazanylmagyna garaşylýar.

Agşam Awazadaky suw çüwdürimleri toplumynda gala-konsert geçiriler. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň