Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-da ýylyň goly

18:2910.08.2019
0
1079

UEFA-da geçen möwsümiň iň owadan goly diýlip, Lionel Messiniň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda Liwerpulyň derwezesinden geçiren goly saýlandy. Onuň jerime urgusyndan geçiren owadan goly iň köp ses alan gol boldy. Bu ugurda Ýuwentusyň ýyldyzy Ronaldonyň toparçalarda Mançester Ýunaýtediň derwezesinden geçiren goly-da 2-nji ýeri eýeledi. Ses berenlerden iň köp ses alan 3-nji gol bolsa, başga bir portugaliýaly futbolçynyňky. 1-1 hasabynda tamamlanan Portugaliýa-Serbiýa duşuşygynda ýer eýelerinden Danilonyň geçiren goly iň owadan 3-nji gol diýlip saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň