Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenhowaýollary" birinji Hazar ykdysady forumy mynasybetli Astrahandan Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýar

12:0708.08.2019
0
19856

«Türkmenhowaýollary» kompaniýasy 11 – 12-nji awgustda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Astrahan-Türkmenistan aralygynda iki sany göni howa gatnawyny ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Howa gatnawlary:

Aşgabat-Astrahan, 10.08.2019

Astrahan-Türkmenbaşy, 10.08.2019

Türkmenbaşy-Astrahan, 13.08.2019

Astrahan-Aşgabat, 13.08.2019

Uçuş peteklerini Türkmenistanyň howa petekleri satylýan nokatlaryndan hem-de «Аэрокомфорт», ITM GROUP rus kompaniýalary arkaly satyn almak mümkinçiligi bar.

Mälim bolşy ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde «Hazar innowasion tehnologiýalar» hem-de «Türkmen sährasy — 2019» awtosergisi geçirilýär. Munuň özi Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge hem-de Hazar deňzini dünýäniň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwürmek arkaly, Ýewraziýa yklymynda täze geoykdysady giňişligi kemala getirmäge ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň