Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Çempionlar kubogynyň jemleýji duşuşygyna "Türkmenistan Sport" teleýaýlymynda tomaşa ediň!

18:3705.08.2019
0
5416

"Türkmenistan Sport" teleýaýlymy dünýäniň öňdebaryjy çempionatlaryndan halkara ýaryşlary, şol sanda gyzykly futbol duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp bermegini dowam edýär.   

Ýaýlym öz tomaşaçylaryna Halkara Çempionlar kubogynyň "Atletiko Madrid" - "Ýuwentus" duşuşygyny hem sowgat edýär. Duşuşyk Stokgolmdaky "Frends Arenada" geçiriler. 10-njy awgustda geçiriljek duşuşygyň milli sport teleýaýlymyzdan şol gün sagat 21-de başlanmagyna garaşylýar. 

Şeýle hem ýaýlym şu hepde Ýewropanyň çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklary hödürleýär. Okyjylarymyza şu hepde görkezilmegi meýilleşdirilýän ýaryşlaryň sanawy bilen tanyşdyrýarys:  

5.08.2019  - 11.08.2019

5.08.2019 “Çempionşip” – Angliýa “Haddersfild Taun” – “Derby Kaunty” 23:40 GÖNI ÝAÝLYM

6.08.2019 “Çempionşip” – Angliýa “Portsmut” – “Birmingem Siti” 23:40 GÖNI ÝAÝLYM

9.08.2019 “Liga 1” – Fransiýa “Monako” – “Lion” 23:40 GÖNI ÝAÝLYM

10.08.2019 “Premýerşip” – Şotlandiýa “Mazerwell” – “Seltik” 15:55 GÖNI ÝAÝLYM

                   “Çempionlar Kubogy” “Atletiko Madrid” – “Ýuwentus” 21:00 GÖNI ÝAÝLYM

11.08.2019 “Liga 1” – Fransiýa “PSŽ” – “Nim” 23:55 GÖNI ÝAÝLYM

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň