Arhiw

“Daşoguz” şypahanasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi

10:2422.07.2019
0
3080

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň kabul edilen güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy “Daşoguz” şypahanasynyň öňündäki meýdançada geçirildi. Dabaranyň dowamynda welaýatyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda göreldeli zähmet çekýän işgärlere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, aýdymçy sazandalarynyň, tans we döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dabara dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli sergi hem gurnaldy. Bu dabara “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi taýy” diýlip atlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň