Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistan Sport" teleýaýlymy "Setanta sports" bilen üç ýyllyk şertnama baglaşdy

21:4720.07.2019
0
17671

Birnäçe ýyllaryň dowamynda "Türkmenistan Sport" teleýaýlymy bilen işleşip, türkmenistanly sport janköýerlerine dünýäniň öňdebaryjy ligalaryndan gyzykly duşuşyklary elýeter eden Irlandiýanyň "Setanta Sports" teleýaýlymy bu hyzmatdaşlygy ýene-de üç ýyllap dowam eder. Has takygy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi tarapyndan "Türkmenistan Sport" hem-de "Setanta Sports" teleýaýlymlarynyň arasynda şu ýylyň 1-nji iýulyndan 2022-nji ýyla çenli şertnamanyň baglaşylandygy habar berildi.

Mahabat müdirliginiň türkmenistanly sport janköýerlerine hoş habary munuň bilen çäklenmeýär. Şertnamanyň hereket edýän döwründe Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda (www.turkmentv.gov.tm) "Setanta Sports 1", "Setanta Sports 2" we "Setanta Sports 3" teleýaýlymlary onlaýn görkeziler. Ýagny sport muşdaklary "Türkmenistan Sport" teleýaýlymynyň göni ýaýlyma berip ýetişmedik duşuşyklaryna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty arkaly tomaşa edip bilerler.

Öňümizdäki möwsümde "Setanta Sports" telekompaniýasy tomaşaçylara Ispaniýanyň "La Ligasynyň", Italiýanyň "Seria A-synyň", Germaniýanyň "Bundesligasynyň", Fransiýanyň "Liga 1-niň", Angliýanyň kubogynyň, NBA-nyň, NHL-iň duşuşyklaryny we iri golf ýaryşlaryny göni ýaýlymda ýetirmegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, telekompaniýa öz hyzmatlaryny 14 döwlete berýär. Häzirki wagtda 17,24 million tomaşaçysy bolan "Setanta Sports" her ýylda bir ýarym müňden gowrak futbol, 600 NHL we NBA duşuşyklaryny we 150-ä golaý beýleki ýaryşlary göni ýaýlymda we ýazgyda alyp görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň