Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gitanas Nausedany Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady

23:3213.07.2019
0
11454
Türkmenistanyň Prezidenti Gitanas Nausedany Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady
Surat: kurier.lt

Türkmenistanyň Prezidenti Gitanas Nesuda Litwa döwletiniň Prezidenti wezipesi bilen saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi diýip, TDH habar berýär. Onda şeýle sözler bar:

"Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduňyzyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw edýärin".

Geçirilen saýlawlardaky sesleriň 66 göterimden gowragyny gazanan täze Prezident Gitanas Nesuda 12-nji iýulda öz wezipesine girişdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň