Soňky habarlar

Arhiw

“Gyz edebi, il edebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

23:3912.07.2019
0
6915

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň jaýynda “Gyz edebi, il edebi” atly gyz-gelinleriň arasynda edep-ekram, mukaddes däpler barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirilen çärä orta mekdepde zähmet çekýän zenan mugallymlar, talyp we okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlar türkmen gelin-gyzlaryna mahsus häsiýetleri we gyz edebi dogrusynda giňişleýin gürrüň açdylar. Onuň dowamynda gelin-gyzlara maşgala mukaddesligi, ýagşy gylyk-häsiýetler hakda gymmatly öwüt-ündew berildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi bilelikde gurnadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň