Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Irkutskide bolan heläkçilik zerarly Russiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:2103.07.2019
0
6285
Türkmenistanyň Prezidenti Irkutskide bolan heläkçilik zerarly Russiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putina we Premýer ministri Dmitriý Medwedewa Irkutsk oblastynda bolup geçen köpsanly adam pidalarynyň hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň