Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

00:3328.06.2019
0
5329

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol iri senagat desgasynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, myhman döwlet Baştutanymyzy ertir açyljak deňi-taýy bolmadyk täze toplumyň işe girizilýändigi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de wekilçilik edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüni ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde görkezen «Rönesans Holding» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga jogapkärli çemeleşýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň ykdysady ösüşinde meşhur daşary ýurt korporasiýalarynyň, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny çekmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge şu kompaniýanyň işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berip, özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete hem-de anyk netijä gönükdirilendigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, döwletimiz energetika pudagynda uly kuwwata eýe bolan, täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge ýardam edýän daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär. Munuň özi daşary ýurtly işewürler toparlary bilen tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynda tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň gurluşygy bilen bagly iri bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirmekde «Rönesans Holding» kompaniýasyna bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Täze desganyň açylmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtap, Erman Ylyjak türkmen Lideriniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň ählisiniň bu pudakda diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde nusgalyk iri taslamalar bolmalydyr. Eýýäm häzirden zawodyň önümlerine ençeme kompaniýalar, 10-dan gowrak ýurduň wekili uly gyzyklanma bildirýär hem-de onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak isleýärler.

Häzirki döwürde pudagy döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar, türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudagynyň kuwwaty barha artýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Nebitgaz önümleriniň eksportunyň möçberi ýylsaýyn artýar, diňe bir içerki bazar däl, eýsem, daşarky bazarlar hem doly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň