Russiýanyň "Zenidiniň" eýranly hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun "Matç TW" teleýaýlymyna beren intewrýusynda ilkinji gezek futbol oýnaýşy hakynda gürrüň berdi. Görlüp oturylsa, ol ilkinji gezek ýaşyl meýdana Eýranda-da, Russiýada-da däl-de...
Azmunlaryň maşgalasy Gülüstan welaýatyndaky Kümmet-Kowus şäherinde ýaşaýar. Bu sebit Türkmenistan bilen araçäkde ýerleşýär. Welaýatyň esasy ýaşaýjylary türkmenler.
— Adamlar siziň Russiýadaky karýeraňyzdan habarly: "Rubin" — "Rostow" — "Rubin" — "Zenit". Ýöne hiç kim siziň ilkinji gezek nirede futbol oýanandygňyzy bilenok.
— Ilkinji gezek dogduk şäherimde futbol oýnapdym, şol wagt 9 ýaşymdadym öýdýän. Ýok, ýok, ilkinji gezek Türkmenistanda oýnapdym. Iki-üç sagat çemesi ulagda ýöräp barypdyk. Dynç alyş döwrüdi. 8 ýaşymda futbol bilen tanyşdym. Oňa çenli woleýbol bilen meşgullanýardym. Futbol oýnaşymy gören kakam erbet oýmaýandygymy aýdanda, hasam höweslendim. Soňra "Ogab" mekdebinde türgenleşip başladym.