AFK-nyň kubogy - 2019-yň Merkezi zolagynyň altynjy tapgyrynyň çäginde geçiriljek "Istiklol" - "Altyn asyr" duşuşygynda tomaşaçylar üçin utuşly bijeler goýuldy. Iň uly sowgat bolsa Mercedes-Benz ýeňil awtoulagy bolar diýip, "Istiklolyň" resmi saýty habar berýär.
Şol günki duşuşykda utuşly bijeler duşuşyga tomaşa etmäge gelen her bir janköýere paýlanar. Iň bagtly janköýeriň Mercedes-Benz utmaga mümkinçiligi bar. Şeýle hem bijeleriň arasyna iki sany planşet hem goşuldy. Petekleri Duşenbedäki Merkezi Respublikan satdionyndan satyn alyp bolar.
Duşuşygyň 26-njy iýunda geçiriler. Onuň ýerli wagt bilen 19-da başlanmagyna garaşylýar. Häzir "Altyn asyryň" 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýändigini ýatladýarys. Duşenbedäki duşuşykda biziň ildeşlerimizi deňme-deňlik hem kanagatlandyrýar. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri iň ýokary derejedäki oýun bilen bassyr ikinji ýyl toparçadan çykmaga we ýaryşy indiki tapgyrlarda dowam etdirmäge synanyşarlar.