Soňky habarlar

Arhiw

ÝB Geňeşi Aşgabatda ÝB Wekiliýetiniň açylmagyna hoşallyk bildirdi

07:4219.06.2019
0
305
ÝB Geňeşi Aşgabatda ÝB Wekiliýetiniň açylmagyna hoşallyk bildirdi

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasy babatda ÝB Geňeşiniň Brýusselde ýerleşýän Baş sekretariatynyň 17-nji iýunda çap eden Netijenamasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň açylmagyna hoşallyk bildirilýär - diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty habar berýär.

17-nji iýunda Geňeş ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasyny tassyklady. Bu Strategiýa Merkezi Aziýada utgaşyklylygyň, rowaçlygyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Geňeş 2007-nji ýylda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça birinji Strategiýasynyň kabul edilmeginden bäri ÝB bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilendigine hoşal boldy.

“Geňeş sebit boýunça alnyp barylýan işlerde ÝB-niň edaralary bilen agza döwletleriň arasynda has işjeň bilelikdäki çemeleşmelere çagyrýar. Geňeş ÝB-niň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň açylmagyny hoş garşylaýar” diýip, ÝB-e agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen ÝB-niň Ýokary wekiliniň Lýuksemburgda geçiren duşuşygyndan soň çykarylan Geňeşiň Netijenamasynda aýdylýar. Bu duşuşykda esasy halkara meseleler barada maslahat edildi.

Şeýle-de Geňeş Ýokary wekil bilen Ýewropa Komissiýasynyň “ÝB we Merkezi Aziýa: hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler” babatda bilelikdäki Beýannamasyny makullaýar. Bu Beýannama we Geňeşiň Netijenamasy öňümizdäki ýyllarda ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen alyp barjak işleri boýunça täze syýasy çarçuwany emele getirýär. 

Geňeş Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmak we ýurtda dikeldiş işlerini geçirmek babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän möhüm ornuny ykrar edip, bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Owganystanyň arasynda mundan hem beýläk syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyga itergi bermegiň ähmiýetine ünsi çekýär.  

“Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň we Günorta Aziýanyň arasyndaky has mäkäm ysnyşyklyk tutuş sebitdäki parahatçylyk, rowaçlyk we durnuklylyk boýunça möhüm orny eýeleýär” diýlip, resminamada bellenýär.

Geňeşiň Netijenamasyna görä, ÝB täze Strategiýanyň baş wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi babatda, hususan-da, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG), Birleşen Milletler Guramasy (BMG) we Ýewropa Geňeşi, şeýle-de üçünji tarap ýurtlar bilen işleşmegi dowam etdirer. 

ÝB serhetüsti suw çeşmeleriniň dolandyrylyşy boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga çagyryp, bu ugurda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň, şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän ornuna ýokary baha berýär.

Geňeş Ýewro-Aziýa gatnaşyklaryna goldaw bermek babatda Merkezi Aziýanyň strategiki ornuny ykrar edip, şeýle-de bu çäreleriň sebite bähbit getirmelidigini nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen has giň hyzmatdaşlyga bil baglaýar.

ÝB Geňeşinde ÝB-niň agza döwletleriniň ministrleri ÝB-niň çäginde alnyp baryljak syýasat boýunça bilelikdäki kararlary kabul edýärler. Bu Geňeş aýda bir gezek ýygnanyşýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň