Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öňdebaryjy ýüpekçileri sylaglady

17:5305.06.2019
0
6436

Pile taýýarlaýjylar üçin 2019-njy ýylyň möwsümi üstünlikli boldy. Iýun aýynyň başyna çenli maglumatlara laýyklykda, ýurt boýunça tabşyryk 100 göterimden artyk berjäý edildi. Gymmatly ýüpek çig malyny taýýarlamak işi dowam edýär. Döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy netijeli işlemäge höwes döretdi. Pudagy çig mal bilen üpjün emek üçin tut ekilýän meýdanlary artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Kärdeşler arklaşyklarynyň Milli merkezi ýurduň tapawutlanan ýüpekçileriniň bäsleşigini yglan edip, ýüpekçiligi ösdürmegiň täze tapgyryna goldaw berdi. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda howa şertlerine görä, pile taýýarlamak Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlaryndakydan soňrak tamamlanýar. Şonda-da eýýäm ýokary hilli çig maly has köp taýýarlap, 2019-njy ýylyň möwsüminde tapawutlananlar belli boldy.

Öňde baryjylaryň bäşisi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda döwlete 641 kg pile tabşyran (tabşyryga 164 göterim) Ahal welaýatyndan Gülnabat Amansähedowa, Lebap welaýatyndan 232 kg pile tabşyran (tabşrygy 2,5 esse artyk berjaý eden) Dilber Rozyýewa, Murgap jülgesinden 229 kg pile tabşyran (tabşyryga 260 göterim) Ýazmyrat Nuryýew, Daşoguz welaýatyndan 353 kg (tabşyryga 240 göterim) we Balkan welaýatyndan 310 kg pile tabşyran (tabşyryga 110 göterim) Bahargül Annaýewa dagy bar.

Çeşme

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň