Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

21:2030.05.2019
0
3562

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministri Ženiş Razakowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Gyrgyz tarapy bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda Gyrgyzystanyň ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän halkara başlangyçlara ýokary baha berýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň üýtgewsiz netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklar BMG-niň, ÝHHG-niň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz gyrgyz kärdeşine iň ýagşy arzuwlaryny aýdyp, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri bolan Gyrgyzystan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň, şol sanda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň geçen ýyl ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň netijelerine aýratyn ähmiýet berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, hökümetara derejede guralýan yzygiderli gatnaşyklaryň iki ýurduň milli we sebit mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm gural bolup durýandygy nygtaldy.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň, netijeli gatnaşyklaryň, şol sanda özara haryt dolanyşygyny köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegini şertlendirýän duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiz gyrgyz hyzmatdaşlary öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek giň möçberli sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Ýangyç-energetika we senagat ugurlaryndaky, oba hojalygyndaky, dokma önümçiligindäki, ulag-aragatnaşyk pudagyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň wajypdygyny belläp, türkmen hem-de gyrgyz halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryny nazara almak bilen, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň, türkmen we gyrgyz alymlarynyň, medeniýet, sungat işgärleriniň ylmy hem-de döredijilik çäreleriniň guralmagynyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini ýene bir ýola belläp, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň Diwanynyň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri A.Aýdarbekow hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň