Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hindistanda geçirilen halkara olimpiadada 35 medal gazandylar

10:3029.05.2019
0
16840

Üstümizdäki ýylyň 19 — 26-njy maýy aralygynda Hindistan Respublikasynyň Deli şäherinde biologiýa, himiýa, fizika, matematika dersleri boýunça VIII Halkara Amity olimpiadasy geçirildi. Bu bäsleşikde 10 döwletden gelen 220 okuwçy öz aralarynda bäsleşdiler.
Halkara olimpiadada himiýa, biologiýa, fizika dersleri iki tapgyrda (nazaryýet bilimler, tejribe işi), matematika dersi boýunça bir tapgyrda (nazaryýet bilimler) geçirildi. Bäsleşigiň nazary bilimler we tejribe tapgyrlary Amity uniwersitetiniň dersler boýunça degişli okuw binalarynda geçirildi. Halkara bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň 19 sany mekdep okuwçysyndan ybarat topara Aşgabat şäheriniň iň­lis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuň­laşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Atajan Rahmanow bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Yhlas Apbasow ýolbaşçylyk etdi. Halkara olimpiadanyň geçiriliş tertibine görä, nazary bilimler we tejribe tapgyrlarynyň netijeleri boýunça, şeýle hem gatnaşan döwletleriň okuwçylarynyň arasynda has tapawutlanyp, ýokary netije görkezen okuwçylara medallar, diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň arasynda türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gazanan netijesiniň ýokary bolandygy has guwandyryjydyr. Şonda Aşgabat şäherindäki iň­lis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuň­laşdyryp öwredýän 86-njy orta mekdebi­ň 11-nji synp okuwçysy Kerimguly Gurbanmuhammedow biologiýa dersi boýunça, şu mekdebiň okuwçylary Beki Jumagulyýew, Begenç Hangeldiýew, Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Babajan Wepaýew himiýa dersi boýunça, şu mekdep-internatynyň 9-njy synp okuwçysy Kerim Çerkezow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdebi­ň 8-nji synp okuwçysy Musa Artykow fizika dersi boýunça, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Baýram Jumadurdyýew, Daşoguz welaýatyndaky ýöriteleşdirilen 26- njy orta mekdebi­ň 11-nji synp okuwçysy Aşyrgeldi Ataýew, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Döwran Myradow, Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Allaýar Hudaýgulyýew matematika dersi boýunça üstünlikli çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular. Şeýlelikde, ýurdumyzyň zehinli okuwçylary 35 medala — 14 altyn, 12 kümüş, 9 bürünç medala, 1 höweslendiriji baýraga mynasyp boldular. Halkara olimpiadanyň emin agzalary ähli dersler boýunça gazanan ýokary netijelerini nazarda tutup, ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryna baş baýragy — OVERALL WINNER kubogyny mynasyp gördi. Halkara bäsleşigiň Amity uniwersitetinde geçirilen ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekili çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň öz miwelerini berýändigini şu halkara olimpiadasynda gazanylan netijäniň hem subut edýändigini aýdyp, okuwçylarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlady. Bäsleşigiň geçýän günlerinde Deli şäheriniň gözel ýerlerine, Agra şäherindäki Täçmahal ýadygärlikler toplumyna, Deli şäheriniň Noida etrabynda ýerleşýän Amity uniwersitetine gezelençler hem guraldy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň