Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

23:5423.05.2019
0
5999

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Joko Widodä Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň