Maksim Belyh we Begenç Garaýew Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň tälimçiler düzümine goşuldy

16:3723.05.2019
0
9654

Türkmenistanly futbol tälimçileri Maksim Belyh bilen Begenç Garaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümine goşuldy diýlip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyndaky habarda ýazylýar.

"Ahalyň" baş tälimçisi Röwşen Meredowa hem kömek berýän Maksim Belyh futbol oýnan ýyllarynda, esasan, goragda oýnady. Ol karýerasynda Özbegistanyň "Nawbahor", "Pahtakor" ýaly klublarynyň hem abraýy üçin göreşdi. Milli ýygyndymyzda 13 duşuşyk geçiren M.Belyh Olimpiýa ýygyndymyz bilen 2010-njy ýylda Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.

Begenç Garaýew bolsa soňky ýyllarda "Altyn asyr" klubynda işledi. 

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe ýakynda Turkmenportala beren ýörite interwýusynda Horwatiýadan ýene bir hünärmeniň hem çagyryljakdygyny aýdypdy, ol futbolçylaryň fiziki taýýarlygy bilen meşgullanar.

Häzir türkmenistanly hünärmenlerden başga-da, baş tälimçi onuň ildeşi Sandro Tomiç hem ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň