Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

18:4214.05.2019
0
6393

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda öňde boljak forumyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň baş maksadynyň netijeli gatnaşyklar we tejribe alyşmak, döredijilik hem-de ylmy gatnaşyklary höweslendirmek we ony mazmun taýdan baýlaşdyrmak, özara gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny taýýarlamak hem-de bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döretmekden ybaratdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine möhüm üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu babatda Türkmenistan GDA-nyň howandarlygynda birnäçe iri çärelere gatnaşdy. Hususan-da, 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary we Daşoguz şäherlerinde netijeli çäreler guraldy. Şolaryň hemmesi, şeýle hem GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen VII forumy ýokary guramaçylyk derejesinde uly üstünlikli geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman Arkalaşygyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary babatda hem pikir alyşdylar. Häzirki ýagdaýy we täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly ykdysady kuwwatyň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda boljak mejlisine, beýleki möhüm duşuşyklara we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk meselelerine deglip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň