Soňky habarlar

Arhiw

Azyk üpjünçiligine uly goşant

00:0514.05.2019
0
1724

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler bu günki gün güneşli diýarymyzyň ekerançy kärendeçilerini bol hasyl ýetişdirmek ugrunda alyp barýan işlerine has oýlanşykly hem jogapkärçilikli çemeleşmäge borçly edýär. Bu ýazylanlar bolsa şu günler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň kärendeçileridir telekeçileriniň ekin meýdanlarynda ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleriniň biri bolan ýeralmasyny öz wagtynda hem talaba laýyk ýetişdirmek ugrunda alyp barýan netijeli işlerinden hem aýdyň görünýär. Welaýatyň Kaka etrabynyň Bereket daýhan birleşiginiň işine ussat kärendeçileridir telekeçileri şu ýylda esasy azyk ekinleriniň biri bolan ýeralmanyň bitginli hem bereketli hasylyny ýetişdirip ilkinjileriň hatarynda ony ýygnamak işlerini talaba laýyk hem ýokary hilli alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň