«Zehinimiz watan» atly ýaş oýlap tapyjylaryň sergisi geçirildi

13:4312.05.2019
0
3959

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaş oýlap tapyjylyk» işi bilen meşgullanýan tebigy zehinli, aýratyn ukyp başarnykly, döredijilikli mekdep okuwçylaryny tapawutlandyrmak we olary höweslendirmek maksady bilen «Zehinimiz watan» atly ýaş oýlap tapyjylaryň sergisi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 50-ä golaý işi we 60-a golaý okuwçy gatnaşdy. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy, watana ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. 
Dünýäde ylmyň iň soňky gazanan täze tehnologiýalary, okuw tehniki enjamlary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň